VPN port ugrukdyrmasy

VPN IP arkaly islendik ýerden enjamyňyza giriň.

Porty Ugrukdyrmak - VPN IP arkaly islendik ýerden islendik enjama ýa-da serwere ygtyýarlylyk berýän kämil funksiýasy. Astrill VPN size saýlanan serwerlerde port ugrukdyrmadan doly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Astrill VPN synap görüň
Planet
Shuttle

Port Ugrukdyrma Näme?

Port ugrukdyrma, şeýle hem port deňleşdirme ýa-da port tunelleme diýip atlandyrylýan, - ýerli tor (LAN) kompýuterleriň we uzakdaky (Internet) kompýuterleriň arasyndaky kompýuter signallary ýa-da portlary gaýtadan gönükdirmegiň giňden ulanylýan usul. Aňsat sözlerde, port ugrukdyrma - internet-gollaýan enjama ýa-da hyzmata islendik ýerden islendik wagtda size ygtyýarlylyk berýän bir funksiýadyr.

Astrill arkaly port ugrukdyrma VPN-iň IP we port kombinasiýasyna gelýän trafigi ugrukdyrýar, we ondan soň şol port birikdirilen siziň öz enjamyňyza gaýtadan gönükdirýär.

Bu usul size Internetiň islendik ýerinden hyzmatlaryňyza talaplary ugrukdyrmak mümkinçilik berýär, we şeýle hem bu talaplaryň asyl ýerleşişini ýa-da IP-salgysyny hakyky gizlin saklaýar.

Port Ugrukdyrma Näme?
VPN for Port forward

Astrill VPN Port Ugrukdyrmagy Nädip Işjeňleşdirýär?

Astrill VPN öz ulanyjylaryna saýlanan ýokary derejeli goragly serwerlerde belli portlary ugrukdyrmaga mümkinçilik berýär. Astrill programmada bu serwerler ýyldyz bilen bellenilýär. Eger-de sizde paýlaşylan IP salgysy bar bolsa, onda Astrill size bir sany öňünden saýlanan porty ugrukdyrmaga rugsat berýär. Emma, eger-de sizde agzalygyňyz bilen bellenen IP salgy bar bolsa, onda siz ähli portlaryň gönükdirmegini saýlap bilersiňiz ýa-da şonuň bilen birlikde NAT Firewall-y işjeňleşdirip we diňe saýlanan portlary ugrukdyryp bilersiňiz.

Port ugrukdyrma torrentiler üçin örän haýyrly çünki torrent müşderi üçin belli porty açyp siz siderlere VPN arkaly size maglumat ibermek mümkinçilik berýärsiňiz we bu has ýokary tizligiň we has çalt torrent göçürimleriň sebäbi bolýar.

Men Port Ugrukdyrmadan Nädip Peýdalanyp Bilýän?

  • Has tiz terrent göçürip alma we deň derejeli düwünler tapma.

  • Siziň websaýtyňyza ýa-da FTP serwere elýeterliligi paýlaşmak

  • Gorag kameralaryňyza daşdan elýeterliligi sazlamak

  • Öydäki serweri TeamViewer bilen sazlamak

  • Islendik ýerden kompýuter enjamlaryňyza ýa-za serweriňize giriň

  • NAT, Plex weSynology NAS yzyndaky hususy tor programmalara ygtyýarly boluň

  • Xbox we PlayStation ýaly oýun pristawkalara portlary ugrukdyrmak

VPN for Kill switch
VPN for Kill switch
VPN for Kill switch
VPN for Kill switch
Astrill VPN synap görüň

5 minutyň içinde VPN-iň yzynda gizleniň.

Haýsy enjamlar goldanylýar?

Astrill DIY VPN routerleri hem hasaba almak bilen VPN routerleri üpçün edýär, we şonuň üsti bilen port ugrukdyrmagy islendik enjam bilen işlemek üçin sazlamak mümkin. Beýleki ýagdaýlarda port ugrukdyrma Astrill desktop programmalarda elýeterli. Ýörite platformalar barada goşmaça maglumat almak üçin basyň: