OpenWeb

OpenWeb

Syn

OpenWeb - 2009 ýylda Astrilliň tarapyndan döredilen patentlenen protokoly. Bu TCP-de esaslanyp, birnäçe gorag kodlaşdyrma we hakykylyk barlag derejelerde kodlanan. Bu birikme-siz protokol bolup, VPN programma üpjünçiligiň gaýtadan birikdirýäňça garaşman, size sekuntlaryň içinde serwerleri çalyşmak mümkinçilik berýär. Bu örän ýeňil we ýokarlandyrylan senzuraly ýurtlarda has gowy işleýär.

Gorag

OpenWeb-i DPI (düýpli bukja barlagy) tarapyndan tapmak örän kyn bolýar. Trafik hemişeki websaýt görüp seretme ýaly görünýär, şol sebäpli hiç kim siz Interneti VPN arkaly ulanýaňyz diýip bilmeýär. OpenWeb trafik umumy standart bolýan AES-256 bilen kodlanýar.

OpenWeb protokol barada doly okaň
Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • macOS
  • Linux
  • iOS
  • Android
StealthVPN

StealthVPN

Syn

StealthVPN - Astrilliň beýleki patentlenen protokoly. Bu OpenVPN bilen ruhlandyrylan we trafigiň goşmaça obfuskasiýasyny ýerine ýetirip, buny awtomatiki gorag diwary ulgamlar üçin tapylmaga kyn edýär. StealthVPN örän durnukly bolup, UDP we TCP rejelerde işläp bilýär. OpenWeb ýaly, bu diňe resmi Astrill VPN programma üpjünçiligi bilen elýeterli.

Gorag

StealthVPN maglumat akymlar AES-256 arkaly goralýarlar, we hakykylyk barlagy sertifikatlar üsti bilen ýerine ýetirilýär. Bu protokoly diňe örän goragly etmän, buny örän durnukly hem edýär. Birikme bütin seansyň dowamynda berjaý edilýär we kompýuteriňiziň ähli trafigi Astrill VPN-den ugradylýar, şonuň uçin hiç hili IP ýa-da DNS syzmalar bolmaýar.

StealthVPN barada doly okaň
Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • macOS
  • Linux
  • Android
  • Routerler
Wireguard

Wireguard

Syn

WireGuard - gaty güýçli kriptografiýany ulanýan örän aňsat, emma tiz we döwrebap VPN protokoly. Bu, uly kelle agyryň öňüni alyp, IPSec-den has tiz, aňsat, ýeňil we peýdaly bolmaga niýetlenýär. Bu OpenVPN-den has öndürijilikli bolmaga niýetlenýär. WireGuard - dürli ýagdaýlaryň köpüsine ýaramly umumy maksatly VPN-iň hökmünde döredildi.

Gorag

WireGuard Noise protocol framework, Curve25519, ChaCha20, Poly1305, BLAKE2, SipHash24, HKDF ýaly häzirki zaman kriptografiýany we goragly ygtybarly konstruksiýalary ulanýar. Bu ätiýaçly we paýhasly saýlamany edýär we bu kriptograflaryň tarapyndan barlanylýar. WireGuard - dowamly we dykgat bilen oýlanylyp berlen akademik prosessiň netijesi bolup, her karar alynýan wagtda nazara alanan protokoly we doly pikirleri belliýän bir akademik derňew dokument, tehniki resminama hökmünde ýüze çykdy.

Wireguard barada doly okaň
Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • macOS
  • Linux
OpenVPN

OpenVPN

Syn

OpenVPN - platformalaryň uly sany bilen gollanýan örän başarnykly protokoly. Bu, amatly tizlik üpçün edýän UDP, ýa-da has ýokary ygtybarlylyk we durnuklylyk üpçün edýän TCP arkaly işläp bilýär. Siz OpenVPN-e 3-nji taraplar bilen birikdirip bilýärsiňiz we haýsy bir Astrill programma üpjünçiligini ulanman VPN birikmäni gurnap bilýärsiňiz. Çünki OpenVPN öz trafigini gizlemeýär, şonuň üçin bu awomatiki gorag diwary ulgamlaryň tarapyndan aňsatlyk bilen tapylýar we köplenç bökdelenýär ýa-da blokirlenýär. Mysal üçin, Hytaýda bu köplenç bökdelen.

Gorag

OpenVPN - gorag ekspertleriň tarapyndan gowşaklyklaryň we eksploýtlaryň barlygy boýunça mydama analizlenýän açyk-çesmeli protokoly, we bu elmydama täzelenýar we gowulandyrylýar. Bu AES, BlowFish, Camelia we beýlekiler ýaly kodlaşdyrma algoritmleriň giň diapazonyny ulanýar. Bu protokol örän goragly.

Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • macOS
  • Linux
  • iOS
  • Android
  • Routerler
OpenConnect

OpenConnect

Syn

OpenConnect - açyk-çesmeli VPN protokoly. Ilkibaşdan bu birnäçe Cisco routerler arkaly gollanylýan Cisconyň patentlenen AnyConnect SSL VPN müşderiniň açyk-çesmeli çalşyjy hökmünde ýazyldy. Bu UDP hem-de TCP bilen işläp bilýär.

Gorag

OpenConnect VPN-ler ugrukdyryşy ähtibarlamak we düzmek üçin TLS ulanýär, şondan soň tunellenen VPN trafigi şowly kodlamak we transportirlemek üçin DTLS ulanýär, we UDP-esaslanýan trafigi gorag diwarlar bökdeýän ýerlerde TLS-esaslanýan trasportirlemä dolanyp bilýär. Düzgün boýunça, AES-128 we AES-256 maglumat gatlaryň kodlaşdyrmasy üçin ulanylýar.

Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • macOS
  • Linux
  • Android
  • Routerler
Cisco IPSec

Cisco IPSec

Syn

Cisco IPSec - Cisco and Microsoftyň döreden IKEv1/IPSec-iň modifikasiýasy. Bu iOS enjamlarda we Linux-da örän gowy işleýän goragly we tiz protokoly. IPSec iki rejelerde işleýär - transport rejesi we tunelleme rejesi. Transport rejesi maglumat bukjanyň mazmunlary kodlaýar we tunelleme rejesi - bütin maglumatlar bukjany kodlaýar.

Gorag

Kodlaşdyrma açar gurnalandansoň Cisco IPSec güýçli açar alyş-çalşyk algoritmi (2048 bit-e çenli) örän güýçli AES-256bit kodlaşdyrmany ulanýar. IPSec VPN birikmäni gizlemek üçin niýetlenilmeýär, şonuň üçin bu gorag diwary filtriň aşagyna düşüp bilýär.

Müşderi ylalaşyjylygy
  • macOS
  • Linux
  • iOS
  • Android
  • Routerler
IKEv2/IPSec

IKEv2/IPSec

Syn

IKEv2/IPSec - Microsoft we Cisco tarapyndan işlenip taýýarlanan IKEv1 standartyň kämilleşdirmesi. Torlary çalyşýan mahaly aýbu gtadan birikdirilmek üçin kämil mümkinçilik üpçün edýär. Blackberry ulanyjylar üçin bu öz enjamlaryny VPN-e birikdirmek üçin ýekeje resmi usuldyr.

Gorag

Biziň IKEv2/IPSec düzülişimiz bütewiligi barlamak üçin 2048bit Diffie-Hellman toparlar boýunça ygtybarly açar alyş-çalşygy, AES-256bit kodlaşdyrmany we SHA256 heşlary öz içine jemleýär. IKEv2 VPN goragyň ýokary standarty hasap edilýär, emma beýleki IPSec realizasiýalar ýaly bunyň maksady VPN işleýişini gizlemek däl, sol sebäpli bunyň gorag diwary filtrmesine düşmegi mümkin bolýar.

Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • macOS
  • Linux
  • iOS
  • Android
  • Routerler
  • Blackberry
L2TP/IPSec

L2TP/IPSec

Syn

L2TP Dereje 2 Tunelleme Protokoly aňladýar. Bu PPPP-iň (Point-to-Point Tunelleme Protokol - şu wagt goragsyz aňladýar) kämilleşdirmesi, we bu köp sany enjamlarda işleýär. Astrill programma üpjünçiligi işledip bilmeýän we mundan ýararly başga bir VPN protokoly goldamaýan enjamlarda L2TP-ni ulanmak maslahat berýäris.

Gorag

L2TP köpleýňc IPSec (Internet Protokol goragy) bilen bilelikde ulanylýar, we bu bukja derejesinde, tizlikde zyýan edip, örän güýçli kodlaşdyrmany kepillendirýar. L2TP üýtgemeýän UDP portlar 500/4500 bilen işleýär we bu gorag diwarlaryň tarapyndan aňsatlyk bilen blokirlenip bilýär (mysal üçin, Hytaý).

Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • macOS
  • Linux
  • iOS
  • Android
  • Routerler
  • Blackberry
  • Chromium
SSTP

SSTP

Syn

SSTP Goragly Birikme Tunelleme Protokolyny aňladýar. Bu Microsoftyň patentlenen protokoly we bu diňe Windows üçin elýeterli bolýardy. Arada Linux we Android üçin 3-nji taraply müşderiler çykaryldy. TCP-iň üstünden TCP-ni ulanýan sebäpli, ol has tizlikleri üpçün edip bilmeýär.

Gorag

SSTP üýtgemeýän TCP-port 443 üstünde SSL-i (Maglumat Gorag Protokoly) ulanýar we bu ony umumy HTTPS trafik hökmünde görkezýär we buny gorag diwarlaryň taparyndan bokdemäge kyn bolýar. SSTP örän goragly protokol diyilýär.

Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • Android
  • Linux
PPTP

PPTP

Syn

PPP-de esaslandyrylýan örän esasy VPN protokol. PPTP Microsoft Windows platformasynda gollanýan iň ilkinji VPN protokol bolupdyr. Aslynda, PPTP spesifikasiýasy kodlaşdyrma we hakykylyk barlag funksiýalary beýan etmeýar, we sorag funksionaly ýerine ýetirmek üçin PPP protokolyň tunellenmesine baglaýar.

Gorag

Goraga bagly wajyp kemliklere görä, enjam ylalaşyjylygyndan başga, PPTP-ni saýlamak üçin esas sebäpler yök. Eger-de sizde L2TP/IPSec ýa-da OpenVPN-ni gollamaý an enjam bar bolsa, onda, mümkingadar, bu dana säylaw bolup biler. Eger-de tiz sazlama we aňsat düzme mesele bolsa, onda L2TP/IPSec IP peýda bolup biler.

Müşderi ylalaşyjylygy
  • Windows
  • macOS
  • Linux
  • iOS
  • Android
  • Routerler