Ençeme ýurtlar juda tizlik bilen düýpli bukja barlagy (DPI) berjaý edýän awomatiki gorag diwarlary işläp taýýarladylar. Bu gorag diwarlar olara VPN IP-leriň uly maglumatlar binýadyny taýyarlamak mejbury bolman IPSec ýa-da OpenVPN ýaly meşhur VPN protokollary hakyky zaman rejede çäklendirmäge mümkinçilik berýärler.
Buňa sebäpli şol ýaly protokollar onlaýn azatlygy çäklendirmek üçin millionlary we milliardlary harç edýän hökümetli ýurtlarda ulanmak üçin peýdaly bolmaýar. Ynha StealthVPN (TM) - VPN trafik profilirlemegine Astrilliň jogaby. VPN tehnologiýalary limilemek üçin döredilen gorag diwarlary bir basyş bilen aýlanyp çykyň.
StealthVPN-e birikdirilen wagt, enjamyňyzyň ähli trafigi goragly VPN tunellinden tunellenilýär. Birikme kesilen ýagdaýlarda StealthVPN awtomatiki täzeden birikdirer.
Ähli trafik VPN üstünden geçmegi sebäpli bu DNS talaplary hem içine alýar. Astrilliň öz DNS serwerleri ulanyp DNS syzmalardan gaça duruň.
StealthVPN RSA-2048 sertifikatlarlary hakykylyk barlag üçin we AES-256 kodlaşdyrmaklyk üçin ulanýar. Bular - talabalaýyk barlanan senagat standartlar, hatda harby güýçler hem bulara daýanýarlar.
VPN IP portlary sizin enjamlaryňyza ugrukdyrýar. VPN-e birikdirilen wagt, torrentler, Skype, TeamViewer ýaly P2P programmalary has tiz we ygtybarlylyk bilen işlettiriň.
Haýsy programmalar we haýsy websaýtlar VPN birikmesinden geçjekdigini we haýsy siziň öýdäki IP-den (siziň IHG-dan) geçjekdigini saýlaň.
StealthVPN torrentler bilen tizlik bilen işlemäge optimizlelen. Goýberijilik ukybyňyzy maksimal giňeldiň we torrentlenýan wagt ýerli IP-ňiziň syzjagyndan gaça duruň.
StealthVPN size TCP hem-de UDP protokollary ulanyp birikmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem siz 1 we 65537 diapazonyň arasyndan islendik porty saýlap bilýärsiňiz. Şol sebäpli eger-de siziň edaraňyz, mektebiňiz ýa-da hökümetiňiz bu kombinasiýalaryň birnäçesini bökdesede, siz hemişe bir gadam öňde bolarsyňyz. DNS trafigi UDP port 53 arkaly ýa-da HTTPS trafigi TCP port 443 arkaly imitirläň. Opsiýalar çäksiz we doly siziň kontrolyňyzda.
E-poçtaňyzy we parolyňyzy giriziň we hasaba giriş düwmesine basyň
Ýüzlerçe serwerlerden saýlan we bir basyş bilen birikdiriň
Ýüzlerçe serwerlerden saýlan we bir basyş bilen birikdiriň